sowalga so‧wal‧ga 1

Sowmak üçin pul, harç, sowgut.

  • Hoşgeldi maslahaty gutaryp gaýtjak güni sowalga diýip, Wüşi kel bilen Öweziň her haýsyna birneme pul berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

sowalga so‧wal‧ga 2

Delil, sapalak, bahana, ugur, tär.

  • Nabat biraz ikirjiňlejek ýaly etdi-de sowalga tapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

sowalga so‧wal‧ga 3

seret sowgut 2

  • Olar şähere ýetmän, çepe sowulýan sowalgadan sowuldylar.


Duş gelýän formalary
  • sowalgadan
  • sowalgalaryň
  • sowalgasy
  • sowalgasyny