sowaşmak so‧waş‧mak işlik

  1. Birneme sowap başlamak, temperaturasy aşaklaşmak.

    • Çorba hernä sowaşan eken. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  2. Bir zada bolan höwesi gaçyp başlamak, yhlassyz bolup başlamak.

    • Başyňyz dik tutup işden sowaşman, erki elden bermän kuwwatdan düşmän. (A. Kekilow, Söýgi)

  3. Birneme ynjalmak, gaharyň gaçmak, rahatlanmak.

    • Aýgülüň gyjydyndan ýaňyjyk sowaşan Nurjany ejesiniň hüjümi has-da basmarlady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)


Duş gelýän formalary
  • sowaşan
  • sowaşanam
  • sowaşandygyny
  • sowaşandyr
  • sowaşansoň
  • sowaşanym
  • sowaşanyňy
  • sowaşar
  • sowaşaýdy
  • sowaşdy
  • sowaşdygym
  • sowaşdygyça
  • sowaşdym
  • sowaşmagy
  • sowaşmagyna
  • sowaşman
  • sowaşyp
  • sowaşypdy
  • sowaşypdyr
  • sowaşýanlygyny
  • sowaşýar
  • sowaşýarlar