soky so‧ky

Içine galla önümlerini, gurt we ş. m. guýup, döwüp arassalamak üçin metal ýa-da agaçdan ýasalan içi köwük süýri gural.

  • Ýanyndaky eýmenç sokyň erňeginden ýapyşdy-da gara daşyn takyrdatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem soky - sokuda, sokular, sokusy.

soka salnan ýaly bolmak

Endam-janyň kül-owram bolup agyrmak, erbet ýadamak.

  • Wah, kelläm ýaryldy-la, bilim hem uçup barýar, asyl endam-janym soka salnan ýaly. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • soka
  • sokuda
  • sokular
  • sokularda
  • sokulary
  • sokularyny
  • sokularyň
  • sokulyk
  • sokusy
  • sokusyna
  • sokusynyň
  • sokyny
  • sokynyň
  • sokyň