[siňňi:n]
Üns bilen, dykgatly siňe.
Kemandir jaýyň gapysyna siňňin garady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Şol sese siňňin gulak asyp haçan uka gidenini-de duýman galdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Bir sydyrgyn, siňňitli; akýany-akmaýany bildirmeýän, ýuwaşja.
Burawda hereket siňňin gidýäni üçin bolsa gerek, onuň töwereginde hiç kim görünmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Suwuň siňňin akanyndan, ýigidiň ýere bakanyndan. (nakyl)