Howa bölejikleriniň ýa-da başga zatlaryň eşidilýän çalt yrgyldyly hereketi, tokuş.
Duralgada manýowr edýän parowozuň şakyrdysyndan başga ses eşidilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ses perdeleriniň titremegi netijesinde emele gelýän ynsanyýet gepleşiginiň aýdyň we düşnükli elementi, gelýän owaz, tokuş.
Ýiti çykýan ýakymsyz ses, labyzsyz ötgür ses.
Dodaklaryň gatnaşmagy bilen hasyl bolýan sesler (o, ö, u, ü, p, b we ş. m.).
Owaz gatyşmazdan diňe agyz içinde galmagaldan emele gelýän çekimsiz ses (k, p, t, ç, s, ş, h, f we ş. m.).
Bir meseläni çözmeklige däl-de, ara alyp maslahatlaşmaklyga hukugy bar bolan ses.
Biriniň pikirine goşulmak, biriniň pikiri bilen razylaşmak, seslenmek.
Geçirilýän saýlawlarda: öz goluňy galdyryp graždanlyk hukugyňy berjaý etmek, saýlamak.
Watanymyzyň iň gowy ogullaryna we gyzlaryna ir adam ýaly bolup öz sesimizi bereliň! ;.
Çagyrylanyňda, gygyrylanyňda öz barlygyňy bildirmek, seslenmek.
Ýas tutup aglamak.
Ses çykarmak, seslenmek.
Çalaja öwüsýän ýaz şemaly agaçlaryň ter ýapraklaryny şygyrdadyp, bir enaýy ses edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öýkenden çykýan howanyň owaz perdesini titredýän ýeri.
Ýygnakda we ş. m. bir mesele barada çykarylan karary makullatmak üçin gol galdyrtmak.
Pökgen meseläni sese goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Sesiňi kesmek, geplemegi bes etmek.