Birine ýa-da bir zada bakmak, garamak, gözlemek, äňetmek.
Ol şol tekepbir garaýşy bilen adamlara seretdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Seret, kakasy, tüweleme, oglumyz-a adam bolaýypdyr! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Birine ýa-da bir zada garaşyk etmek, idetmek, äňetmek.
Daň bilen turup çaý-nahar ugruna çykdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir zadyň anygyna ýetmek üçin bir işe garamak, barlap görmek.
Işe seretmek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem seretmek - seredýär, sereder, seredipdir.