seresap sypat

[seresa:p]

Ätiýaçlylyk bilen, usul bilen, ýuwaşlyk bilen, ähtibar, ägä.

  • Ol çiliň üsti bilen seresap ädimleýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Seniň seresap gezmegiň gerek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem seresap - seresaby.


Duş gelýän formalary
  • seresabrak
  • seresapdan
  • seresapdy
  • seresapja
  • seresaply
  • seresaplydy
  • seresaplygy
  • seresaplyk
  • seresaplylyga
  • seresaplylygy
  • seresaplylygyny
  • seresaplylygyň
  • seresaplylyk
  • seresapsyz
  • seresapsyzlygy
  • seresapsyzlygyndan
  • seresapsyzlygyny
  • seresapsyzlygyň
  • seresapsyzlyk
  • seresapsyzlykda
  • seresapsyzlykdan
  • seresapsyzlykdyr