sepgit sep‧git

  1. Birigýän ýer, birleşýän nokat, birigýän çyzyk.

    • Çozuş üçin başlangyç sepgide ýetildi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Aralyk, araçäk.

    • Bu waka iki-üç aý mundan ozal, tomus bilen güýz paslynyň sepgidinde bolupdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sepgit - sepgidi.


Duş gelýän formalary
  • sepgide
  • sepgidi
  • sepgidinde
  • sepgidinden
  • sepgidindäki
  • sepgidine
  • sepgidini
  • sepgidiň
  • sepgitde
  • sepgitden
  • sepgitdir
  • sepgitdäki
  • sepgitler
  • sepgitlerde
  • sepgitlere
  • sepgitleri
  • sepgitlerinde
  • sepgitlerine
  • sepgitlerini
  • sepgitleriniň
  • sepgitleriň