semizlik se‧miz‧lik

Arryk dällik, artyk etli-ganlylyk, ýaglylyk, çişiklik, ýogynlyk.

  • Onuň semizliginden ýaňa burny iki dulugynyň arasyndan çala görünýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Mallar orta semizlikde saklanýar. («Kolhoz günleri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem semizlik - semizligi.


Duş gelýän formalary
  • semizlige
  • semizligi
  • semizliginde
  • semizliginden
  • semizligine
  • semizligini
  • semizliginiň
  • semizligiň
  • semizlikde
  • semizlikden
  • semizlikdäki
  • semizlikdäkilerinde
  • semizlikdäkilerine