Haýal ylgawyna sürmek, loňkuldadyp çapdyrmak (mal hakda).
Heý, bir gün öň ugramanymyz! -- diýip, bugralary selpedip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göçme manyda Bir zadyň ugrunda alňasadyp gezdirmek, alada goýmak, kaňkatmak (adam hakda).
Öz hususy ýumşy üçin ony dumly-duşa selpedýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem selpetmek - selpedýär, selpeder, selpedipdir.