selin se‧lin

Botanika Gumda bitýän pür ýaprakly köpýyllyk ösümlik.

  • Şitilleri sowukdan goramakdan ötri, 600 ramanyň üstüni basyrmak üçin selin örüldi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Selin, siňrenler hem başga gögeren çöpler häzir özüniň asly tebigy görnüşini üýtgedip, duw ak bolup görünýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem selin - selni.


Duş gelýän formalary
  • selinden
  • selindir
  • selinlere
  • selinleriniň
  • selinli
  • selne
  • selni
  • selniň
  • selniňi