seňrik seň‧rik

  1. Anatomiýa Burnuň maňlaýa birleşýän, ýokarky inçelýän bölegi, burnuň üsti.

    • Adamlar burunlaryny tutup, seňriklerini ýygryp geçýärler. («Tokmak» žurnaly)

  2. Geografiýa Gum, dag ýerlerinde uzalyp gidýän depe.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem seňrik - seňrigi.

seňrigine kakmak

Gaýtawul bermek, garşy çykmak.

  • Azatlygy gazanmak üçin, aklardan başga dünýä baýlarynyň seňrigine-de kakmak gerek ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • seňrigi
  • seňrigimi
  • seňriginde
  • seňriginden
  • seňrigine
  • seňrigini
  • seňriginiň
  • seňrigiňe
  • seňrikden
  • seňriklerine
  • seňriklerini