Käte bir duş gelýän, çöl tapylýan, selçeň bolýan, gyt.
Garrylar angina bilen örän seýrek keselleýärler. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Seýrek tapylýan we owadan gözel nagşy bolan Pendi halysyny dokamaklyk işine eýýämden başlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Aralary açyk, her ýerde biri, gür däl, ala, selçeň.
Seýrek daňlan çapuw atlary öz gazyklarynyň daşyna aýlanyşýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Arman üç-dört karta seýrek bitipdir emma şaha aýryp, peli tutupdyr. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem seýrek - seýregi.