[sa:zaklyk]
Sazagyň köp gögerip oturan ýeri, sazagyň köp biten ýeri.
Daň saz berende, gür sazaklygyň arasynda ol gymyldysyz süýnüp galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Uly sazaklyga ýetip, yzyny-da ýitirdiler. (A. Atajanow, Permanyň mamasy)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sazaklyk - sazaklygy.