[sa:wçylyk]
Sawçynyň käri.
Biriniň gyzyny gelin edinmek maksady bilen söz aýtmaklyk, söz aýdyjylyk.
Äşebibi ýaly häli-şindi sawçylyga gelýänler onuň gonjuna gor guýýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sawçylyk - sawçylygy.