[sa:wçy]
Gelin edinmek üçin gyzyň ene-atasyna söz aýdýan, söz aýtmaga iberilen adam, söz aýdyjy.
Haýsy gapydan barsam hem meniň sawçylarymyň boş gaýtmajagyna-da ynanýan. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Käbir sawçynyň habaryny Aýsoltana söz arasy bilen mälim edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)