Uzyn satanly satanlarynyň arasy giň bolan.
Ol satanlak aýaklaryny çalşyryp, aýbogdaşyny gurup oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Gylyç aga özüniň satanlak dor alaşasyny idip gelýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem satanlak - satanlagy.