sarykmak sa‧ryk‧mak işlik

  1. Suwy çekilmek, birneme guramak çala guramak.

    • Ýer sarygan badyna, içini depmek işine girişmeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Akmak, dökülmek, dammak.

    • Gurdy öýüne eltdi we ýüzüne sarygyp duran ganlaryny ýuwup ugratdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sarykmak - sarygýar, sarygar, sarygypdyr.


Duş gelýän formalary
  • sarygan
  • saryganlaryny
  • sarygaýmak
  • sarygyp
  • sarygyň
  • sarykdy
  • sarykdyr
  • saryklarynda
  • saryklaryň
  • sarykmak