Sap edilmek.
Sap oturdylmak.
Piller saplanyp gutardy.
[sa:planmak]
Gaýry goşantlardan arassalanmak, tämizlenmek.
Totdan saplanan ýiti gün lowurdady, ýanyp duran ýalyn ýalyhowur saçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tamam bolmak, sarp bolmak, tükenmek.
Bir öňe saýlanandan soň bolsa, ol tä pagta saplanynça yzyndan ýetdirmedi. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Halas bolmak, dynmak.
Näme em etjekkäk -- diýip, könäniň galyndysyndan heniz saplanmadyk Ogulýar eje pikire çümýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)