saplamak sap‧la‧mak 1 işlik

Sap etmek, sap oturtmak, tutawaç oturtmak (pil, palta we ş. m. hakda).

  • Ussa kätmeni taňk-tuňk edip, saplamaga durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Piliň posuny gazandan soň, ige bilen ýiteldip täzeden saplady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

saplamak sap‧la‧mak 2 işlik

[sa:plamak]

  1. Gaýry goşantlardan arassalamak, tämizlemek.

  2. Tamam etmek, sarp edip gutarmak, tüketmek.

    • Buz eredi, barha uzaldy gün-de, ýuwaş-ýuwaş guş ömrüni saplady. (A. Haýydow, Gök asman)

    • Gök ekinleri sapladyk.

  3. Halas etmek, gutarmak, dyndarmak.

    • Zäherlenen belýnini saplaýan derman tapmak aňsat iş däl. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Gumuň dürli otlarynyň güýji ony ähli kesellerden saplady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • saplady
  • sapladyk
  • sapladylar
  • saplajak
  • saplajakdyklaryny
  • saplam
  • saplamaga
  • saplamagy
  • saplamagyndan
  • saplamak
  • saplamakda
  • saplamaklyk
  • saplamalam
  • saplamalydyk
  • saplamalydyr
  • saplaman
  • saplan
  • saplandy
  • saplandygyny
  • saplap
  • saplapdy
  • saplapdyr
  • saplar-da
  • saplarlyk
  • saplary
  • saplaryny
  • saplarys
  • saplasyn
  • saplaýan
  • saplaýandygyny
  • saplaýar