sapak sa‧pak 1

  1. Tikin tikmek üçin bükdürilen, işilen inçejik ýüplük.

    • Ädikçiler mumly sapaklary eýläk-beýläk çaltlyk bilen çekýärler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Soldat bolan adamynyň ýanynda iňňe bilen sapagy hemişe bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Miwäni öz agaç ýa-da biýara bilen birleşdirýän inçejik baldak.

    • Ataýew şu ýyl tomus kanikuly wagtynda üzümi-gawuny sapagyndan ýolup iýmek üçin kolhoza gidipdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Emma onuň ýalaňaç kellesini boýny götermän sapagynyň ysgyny gaçan sary kädi ýaly sallandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sapak - sapagy.

sapak çekmek

Gelin-gyzlaryň üme edip oturan ýerine baran ýigide sapak dakylanda, ýigidiň olara pul ýa-da ş. m. zat sylag bermeklik däbi.

  • Sapak çekdik, ynha gelen süýjüler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sapak sa‧pak 2

  1. Okuw jaýlarynda: okadylýan ýörite okuw, predmet, ders.

    • Soňky sapak gutarmaga jaň boldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Sapakda okuwçylar bilen geçirilýän işler okuwçylaryň dünýä garaýşynyň guralmagyna belli bir derejede kömek edýär.

  2. Mugallym tarapyndan okuwça tabşyrylan okuw işi, öý işi.

    • Sapaklaryna taýýarlanmak üçin oňa aýratynja stol goýmaly. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sapak - sapagy.

sapagy bişirmek

Sapagy gowy öwrenmek, özleşdirmek.

sapak almak

Görelde almak, tejribe almak, tälim almak, öwrenmek.

  • Işde Miçurinden alyp sapagy ýetişdirýär ýerde altyn ýüpegi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Söýgüli ülkäniň eý gelin-gyzy! Watan gyzy Aýlardan sen sapak al. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Ol ussat ýazyjylaryň eserlerini terjime etmek bilen, olardan öwrendi, sapak aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

sapak bermek

  1. Ders bermek, okatmak.

  2. Ters görelde görkezmek, nädogry öwüt-nesihat etmek.

sapak edinmek

Görelde edinmek, pent almak.

  • Goýberen ýalňyşlyklarymyza ökünmeli, ony geljek ýyldaky işlerimizde sapak edinmeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • sapaga
  • sapagam
  • sapagy
  • sapagydy
  • sapagydyr
  • sapagym
  • sapagyma
  • sapagymy
  • sapagymyz
  • sapagymyzda
  • sapagymyzy
  • sapagyn
  • sapagyna
  • sapagynda
  • sapagyndaky
  • sapagyndan
  • sapagyny
  • sapagynyň
  • sapagyň
  • sapagyňa
  • sapagyňy
  • sapak-da
  • sapakda
  • sapakdaky
  • sapakdan
  • sapakdandy
  • sapakdy
  • sapakdyr
  • sapaklar
  • sapaklara
  • sapaklarda
  • sapaklardaky
  • sapaklardan
  • sapaklary
  • sapaklarydyr
  • sapaklarymy
  • sapaklarymyz
  • sapaklarymyza
  • sapaklarymyzda
  • sapaklarymyzyň
  • sapaklarymyň
  • sapaklaryna
  • sapaklarynda
  • sapaklaryndan
  • sapaklaryny
  • sapaklarynyň
  • sapaklaryň
  • sapaklaryňa
  • sapaklaryňdan
  • sapaklaryňy
  • sapaklaryňyza
  • sapakly
  • sapaklygy
  • sapaksyz