[sa:p]
Hiçbir goşantsyz, içinde özge zat bolmadyk, arassa, arassalanan.
Wraçlar agyr kesellerine dem almak üçin sap kislorod berýärler. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)
Päk, ak, arassa, hakyky.
Begenç meniň sap söýgime halys ýürekdoly duýgusyny goşar -- diýip düşündi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Şol adam sap ýürekli däl, şübheli hem galp adam bolsa gerek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Boýdan-başa, tutuş bütinleý.
Towuklaryň sap ak ýelegi we gyzyl kekeji bolýar. (N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir)
Açyk, tämiz, asuda.
Taýharyň toýnaklarynyň güpürdisi parahat gijede, sap howada uzaga gitdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sap - sabym, sabyň.
Aldawly hereket, hile, pirim, sapalak.
Ol ýigit bir tarapa sap atdy-da haýata dyrmaşyp, aňryk aşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Onuň müňde bir sapynyň birine düşmese, birine düşer. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret hatar-hatar
Kolonnalar sap-sap bolup durlar. («Mydam Taýýar» gazeti)
Harby termin Hatar (goşunçylykda we ş. m.).
Goşunçylyk sapy birinji sapdyr, biziň dek gaýduwsyz gahryman ýokdur. (Durdy Gylyç, Goşgular)
Gyzyl goşunlaryň öňündäki sapy gelip, Tejen şäherine giripdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir guralyň tutawajy, el bilen tutulýan ýeri.
Gyzylhan ýalaňaç gylyjyň sap taýyny artyga uzadyp, başyny aşak egdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypalady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
seret susak