sanjy san‧jy

  1. Köplenç bedeniň iç tarapynda bir zat dürtülýän ýaly bolup duýulýan ýiti agyry.

  2. Göçme manyda Alada, ünji, gam.

    • Meniň ýaşlyk döwrümde, sanjy köpdi böwrümde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

böwründe sanjy bolup döremek

Birini uly alada goýmak, pikir etdirmek, azar bolmak.

  • Pökgeniň özüni gözläp gelmegi, ýelliniň böwründe sanjy bolup döredi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • sanja
  • sanjydy
  • sanjylar
  • sanjylary
  • sanjyly
  • sanjym
  • sanjyma
  • sanjymda
  • sanjymdan
  • sanjymy
  • sanjymyň
  • sanjynyň
  • sanjysy
  • sanjysynda
  • sanjysyndan
  • sanjysyny