Zat saklamak üçin, köplenç agaçdan ýasalyp daşyna demir çekilýän gapakly gapyrjak.
Hasyly ýygnap, girdeýjini sandyga salanymyzdan soň ullakan toý ederis. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Şu inedördül tamyň bir dulundaky Mary sandygynyň üstüne ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sandyk - sandygy.