[sa:nawa:ç]
Folkloristika Käbir toý-tomaşada oýunda oýnalmazdan öň döwçini, emekçini (kimiň çykyp kimiň galanyny) belli etmek üçin sazlaşykly aýdylýan sözler.
Azançy ýürek gysdyryjy, bizar ediji bir sanawaç gaýtalaýan ýaly, irginsiz sokduryp gygyrýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sanawaç - sanawajy.