sanaşyk sa‧na‧şyk

[sa:naşyk]

Könelişen söz Ýeri, suwy paýlamagyň gadymy adaty.

  • Suw sanaşygynda hiç biriňiz jyňkyňyzy çykaraňzok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çagalak wagtlarymyzda, obamyzda uly maslahat boldy, belki sanaşykdyr ýa-da ýer-suw reformasydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Biziň ilatymyz gadymdan gelýän sanaşyk däbine görä, ýere bileleşip eýelik edýär. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sanaşyk - sanaşygy.


Duş gelýän formalary
  • sanaşyga
  • sanaşygy
  • sanaşygynda
  • sanaşygyndan
  • sanaşygynyň
  • sanaşygyň
  • sanaşykda
  • sanaşykdan
  • sanaşykdyr