[sa:naşmak]
Sanamaga hasaplamaga kömek etmek.
Goýun sanaşmak, pul sanaşmak.
Birnäçe atlary yzly-yzyna aýtmak, birnäçe zadyň adyny köp bolup tutmak.
Akbaý Alabaý diýşip, itleriň atlaryny samaşyp gygyryşdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Göçme manyda Gep gaýtaryp durmak, bir aýdylana ikini aýtmak, gygyryşmak.
Artyk kim, meniň bilen sanaşmak kim? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret jüýje
Ýazda ösdüren guzulary bilen guwanmasyn jüýjäni güýz sanaşarys diýýä diý! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)