Ujy biz ýaly ýa-da ýiti zady sokmak, dürtmek, çümdürmek.
Sanjan iňňesini elinden aýyrman haýran galyjylyk bilen üşerildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Begenç elindäki pilini ýabyň boýuna nähili sanjanyny hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Medisina Tene dermanly iňňe urmak, ukol etmek.
Sançmak usullaryndan peýdalanylýar. (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sançmak - sanjýar, sanjar, sanjypdyr.