samyrdy sa‧myr‧dy

  1. Agyr syrkawyň ýa-da ukudaky adamyň alasarmyk gepi-gürrüňi.

    • Artyk sol sekunt-da ýarala bakan topuldy, onuň üstüne abandy, onuň düşnüksiz samyrdysyny eşitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Ugursyz-utgasyz ýaňrama, boş samahylly gürrüň.

    • Gitleriň dälilik samyrdy ideýalaryna durmuşa geçmek kysmat bolmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Özara ýuwaşja edilýän gürrüň çala eşidilýän gürrüň.

    • Erkek adam ýok! -- diýen samyrdysy eşidildi. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • samyrda
  • samyrdady
  • samyrdysy
  • samyrdysyny