Akyly kem, akyly gelip-gitmeli, akylsyz kelesaň.
Selbi sapany gazete öwüp ýazyşyň bilen baryp ýatan samsyk diýsene! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem samsyk - samsygy.
Bütinleý akmak, baryp ýatan akmak.
Aý, bu bir oýnatgy, diri samsyk-la! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)