samramak sam‧ra‧mak işlik

  1. Huşuňy ýitirip, alasarmyk sözler aýtmak.

    • Akmyrat ýene özüni ýitirip samramaga başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Boş samahyllamak, biderek gürrüň etmek, ýaňramak.

    • Ýigit bardyr, sana geçmez, samrar otyr üýni öçmez. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Sen başlygyň gyzy boldugyň ak patyşanyň gyzy boldugyňmy? -- diýip, gyssag aralykda samrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • samrabam
  • samrady
  • samrady-da
  • samrama
  • samramaga
  • samramak
  • samramalar
  • samramalara
  • samramalaryndan
  • samramaly
  • samramandygyny
  • samramasy
  • samramasyn
  • samramok
  • samranmyş
  • samrap
  • samrapdy
  • samrar
  • samrasa
  • samrasa-da
  • samrasaňam
  • samraýan
  • samraýandygyny
  • samraýanlygy
  • samraýanyny
  • samraýar
  • samraýardy
  • samraýarlar
  • samraýarsyň