saman

[sa:man]

Döwlen bugdaýyň, arpanyň owranan gabyk we baldak bölejikleri.

  • Sygyryp, şemala garap, çäji samandan saýlady. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Hiç mejalym galmady meň iýen dek saman, kepek. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

saman astyndan suw goýbermek

Bildirmän, ters, mekir iş etmek.

  • Ol tüýs bir saman astyndan suw goýberen, şeýtandan köp bilýän pis açmyş eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • samana
  • samanda
  • samandan
  • samanlar
  • samanlary
  • samanlaryny
  • samanly
  • samanmy
  • samany
  • samanymyzy
  • samanyna
  • samanynda
  • samanyndan
  • samanyny
  • samanynyň
  • samanyň
  • samança