Bina edilmek, gurulmak.
Ol dagda bir mäkäm gala salyndy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oň üstünde salnypdyr täsin jaýy onuň her çyrasy göýä aýa taý. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Özüň üçin gurmak, bina etmek.
Bular iki otagdan ybarat bolan jaý salyndylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Içine ýa-da aşagyna goýulmak, içine ýerleşdirilmek, jaýlaşdyrylmak.
Goşlaryň hemmesi halta salyndy.
Işe, okuwa we ş. m. ýerleşdirilmek, girizilmek.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem salynmak - salnar, salnypdyr.