sallançak sal‧lan‧çak

  1. Içine çaga salnyp üwrelýän enjam.

    • Şirin uka batyp ýatyr bäbejik parahat dem alyp sallançagynda. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Meniň hem çaga hüwdüläsim, sallançak üwräsim gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. seret hiňňildik

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sallançak - sallançagy.


Duş gelýän formalary
  • sallançaga
  • sallançagy
  • sallançagydyr
  • sallançagym
  • sallançagyma
  • sallançagyna
  • sallançagynda
  • sallançagyndan
  • sallançagyny
  • sallançagyň
  • sallançagyňdan
  • sallançakda
  • sallançakdaky
  • sallançakdan
  • sallançaklar
  • sallançaklarda
  • sallançaklarynda
  • sallançaklarynyň
  • sallançakly