Salkyn bolmaklyk, salkyn howa, mylaýymlyk, serginlik.
Salkynlyk arany üçin Aýsoltan ýeňillik bilen dem alýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Giň sährany ýalap gelýän ýaz şemaly salkynlyk getirýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iňrik garalmagy bilen birlikde mawy asmandan ýere ýakymly bir salkynlyk-da aralaşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem salkynlyk - salkynlygy.