salamlaşmak sa‧lam‧laş‧mak işlik

[sala:mlaşmak]

Birine salam bilen ýüzlenmek, salam alyşmak, salam berip görüşmek.

  • Ol bizi gören ýerinde salamlaşmagyň deregine başyny atyp geçiberýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Inžener Gorbatow Babany görüp, guwanç bilen salamlaşyp görüşdi salamlaşyp oňa berdim elimi, soraşdym aýtdym arzy-halymy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • salamlaşan
  • salamlaşandan
  • salamlaşanlarynda
  • salamlaşansoň
  • salamlaşanymyzdan
  • salamlaşanyndan
  • salamlaşanyny
  • salamlaşar
  • salamlaşardy
  • salamlaşaryn
  • salamlaşasy
  • salamlaşasym
  • salamlaşaýyn
  • salamlaşdam
  • salamlaşdy
  • salamlaşdy-da
  • salamlaşdygyň
  • salamlaşdyk
  • salamlaşdylar
  • salamlaşdym
  • salamlaşgyn
  • salamlaşjak
  • salamlaşmadylar
  • salamlaşmaga
  • salamlaşmaga-da
  • salamlaşmagam
  • salamlaşmagy
  • salamlaşmagyň
  • salamlaşmak
  • salamlaşmakdan
  • salamlaşmaly
  • salamlaşman
  • salamlaşmasy
  • salamlaşsa
  • salamlaşsalar
  • salamlaşybam
  • salamlaşyp
  • salamlaşypdyr
  • salamlaşyň
  • salamlaşýan
  • salamlaşýan-da
  • salamlaşýar
  • salamlaşýardy
  • salamlaşýarlar