[sala:mäli:k]
Köplenç aýal maşgalalaryň berýän salamy.
Oňat geýnüwli, semiz aýal: -- Salamälik Şyh aga! -- diýip, içerik girdi. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem salamälik - salamäligi.