salam sa‧lam

[sala:m]

  1. Birine duşanyňda dostluk, mähribanlyk duýgusy hökmünde aýdylýan aňlatma.

  2. Hat dil we ş. m. üsti bilen iberilýän saglyk-amanlyk.

    • Men ötünç soramak bilen uzak ýoldan ýakyn ýürekden salam gönderýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Salam, Gündogaryň gyz-gelinleri. («Oktýabr ýalkymy»)

ýalkymly salam

Gyzgyn şöhratly salam, ak ýürekden salam.


Duş gelýän formalary
  • salama
  • salamam
  • salamda
  • salamdan
  • salamdyr
  • salamlar
  • salamlardan
  • salamlary
  • salamlaryna
  • salamlaryny
  • salamlaryň
  • salamly
  • salamlydy
  • salamy
  • salamym
  • salamymam
  • salamymy
  • salamymyzam
  • salamymyzy
  • salamyn
  • salamyna
  • salamynam
  • salamyndan
  • salamyny
  • salamyny-da
  • salamynyň
  • salamyň
  • salamyňam
  • salamyňy