Gür sakgally, sakgaly gür çykan.
Gyzdurdy suwjuk sözler aýdyp, ýanyndaky sakgallak ýaşulynyň ýüregine düşdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Olaryň biri sakgallak bolup beýlekisi kösedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Söltüräk görnüşli goýun göz sakgallak adam derwezeden girdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sakgallak - sakgallagy.