sakarbalak sa‧kar‧ba‧lak

Zoologiýa Maňlaýy sakar, reňki gara suw guşy, barak.

  • Bir ördek, bir sakarbalak dost bolup adada ýaşapdyrlar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Semizliginden çöken sakarbalaga duş boldum. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sakarbalak - sakarbalagy.


Duş gelýän formalary
  • sakarbalaga
  • sakarbalagyň