Malyň süýdüni özüň üçin sagyp almak.
Geçi sagynmak.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem sagynmak - sagnar, sagnypdyr.
[sa:gynmak]
Ýaýdanjyrap bir zada ýa-da birine garaşmak, haýal etmek, ýaýdanmak.
Kiçijik tokaýyň etegine ýetip sagyndy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýelli iki-üç ädim maşyna ýetmän sagynyp galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Familiýaň! -- diýip, ol bir sagynyp durjak ýaly etdi-de soň ýüzüniň, ugruna aýdyp goýberdi. (M. Ysmaýylow, Powestler)