Kadaly işleýän organizmiň normal ýagdaýy, sagatlyk, guratlyk.
Çaganyň jan saglygynyň oňat bolmagy-da okuwda üstünlik gazanmagynyň möhüm şertleriniň biridir. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Saglyk bolsa, beglik bolar. (nakyl)
Ertir ir bilen bedenterbiýe etmek saglygy berkleşdirmekde uly rol oýnaýar.
Gepleşik dili Gurgunçylyk, parahatçylyk, dynçlyk.
Hemme saglykmy? -- Saglykdyr!
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem saglyk - saglygy.