sagatlyk sa‧gat‧lyk 1

Jan saglyk, kesel dällik, guratlyk, sagdynlyk.

  • Ližaly ýörüş sagatlyk üçin peýdalydyr. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  • Janynyň sagatlygyna garaman, hemişe bir ýeri agyrýan ýaly syzýardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sagatlyk - sagatlygy.

sagatlyk sa‧gat‧lyk 2

[sa:gatlyk]

Bir sagat möçberindäki bir sagadyň dowamyndaky.

  • Ikije sekuntlyk iş hem weli, bir sagatlyk dikilgazyk boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýedi sagatlyk iş güni.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sagatlyk - sagatlygy.


Duş gelýän formalary
  • sagatlygym
  • sagatlygyn
  • sagatlygyna
  • sagatlygyny
  • sagatlygynyň
  • sagatlygyň
  • sagatlykdan
  • sagatlykdanmy
  • sagatlykdygyny