Biriniň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, keselden gutarmak.
Ertir göreris, eger seniň şu bolsuň boljak bolsa, onda seni sagaltmaly bolar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Han ogul, doktorlaryň käri -- adama kömek bermek, olary sagaltmak. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Seniň eliň ýylysy meniň ýaramy sagaltmasy, seniň ýüregiň gyzgyny haçan meni ýyladar-ka?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sagaltmak - sagaldýar, sagaldar, sagaldypdyr.