[sa:dyk]
Tüýs ýürekden berlen, özüni gurban, sadaka etmäge taýyn, wepaly.
Patyşanyň sadyk hyzmatkäri adyny aljagyna buýsandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Oraz han hem täze gubernatoryň öňünde özüniň sadyk guldugyny bildirmek pursadyny elden bermedi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sadyk - sadygy.