Sabry gaçan, takady gaçan, sabry-karary bolmadyk, sabyr edip bilmeýän, gyssanagan, bisabyr.
Maraljyk hem özüniň köpden bäri sabyrsyz garaşýan gününe ýetdi. («Pioner» žurnaly)
Possunyny geýip üşemez ýaly, basgylap garlary, barýar sabyrsyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bütin klas bolup geň galdyk muňa, ahyr sorag berdik sabyrsyz oňa. (A. Atajanow, Permanyň mamasy)