sabyrly sypat

Sabyr etmäge ukyply, takady ýetýän, kararly, gyssanmazak.

  • Çopanlar adatda gyssanmazak, giň göwrümli, sabyrly bolagandyr. (Myraly)

  • Durmuşda ol çydamly we sabyrly bolup çykdy. Kynçylyklary basyp geçmek ugrunda sabyrly göreşmek gerekdigi gümansyzdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Sabyrly ýigit, aşa ýeter. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • sabyrlydyr
  • sabyrlydyram
  • sabyrlyja
  • sabyrlylyga
  • sabyrlylygy
  • sabyrlylygyna
  • sabyrlylygyndan
  • sabyrlylygyny
  • sabyrlylygyňy
  • sabyrlylyk
  • sabyrlyrak