Titretmek, galpyldatmak, sandyratmak.
Top gümmürdisi Mawynyň hem butlaryny saňňyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol ysgynsyz kellesini saňňyldatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem saňňyldatmak - saňňyldadýar, saňňyldadar, saňňyldadypdyr.