saýylmak sa‧ýyl‧mak 1 işlik

[sa:ýylmak]

Hasap edilmek, hasaplanmak.

  • Birinden bir ýaramaz hereket ýüze çykaýsa, gabahat saýylýarmyşyn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

saýylmak sa‧ýyl‧mak 2 işlik

[sa:ýylmak]

Saýgyç bilen urlup tüýdülmek (ýüň, pamyk we ş. m. barada).

  • Saýylan pamygyň gundasy kimin, gülleriň gujagyn doldurdy bütin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • saýylan
  • saýylanda
  • saýylaryn
  • saýylaryny
  • saýylaýyn
  • saýyldy
  • saýyldyr
  • saýyljak
  • saýylmagy
  • saýylmak
  • saýylman
  • saýylmasa-da
  • saýylsa
  • saýylyp
  • saýylypdy
  • saýylypdyr
  • saýylýan
  • saýylýandyr
  • saýylýanlaryň
  • saýylýar
  • saýylýardylar