Hoş owazly ses etdirmek.
Göçme manyda Dilde ýaňlatmak, çeper gürletmek.
Azatlyk şygaryn saýradyp dilde, olar sizden isleýändir köp dalda. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem saýratmak - saýradýar, saýradar, saýradypdyr.